
Nesil terbiýesi — durmuş mekdebi
Terbiýe maşgaladan başlanýar. Onuň özeni bolsa asyllylykdyr, görüm-göreldedir. Esasan hem, maşgala terbiýesi diýlende, ýüzleri nurana, ak saçly, mährem enelerimiz ýadyňa düşýär. Dili süýji, mylaýym enelerimiziň her bir aýdan sözi gymmatly terbiýe mekdebi bolup durýar. Eneleriň mähri siňen ýer läle-reýhan, ala-ýaz bolýar. Sallançak başynda agtygyny hüwdüleýän enäni göz öňüňize getirip görüň! Ol heniz mana düşmez perzendini ýürek owazy bilen ezizleýändir. Arzuwlar ummanyny kürekleýän enäniň hoş owaza, mylaýym söýgä ýugrulan hüwdüleri çagalary rahatlandyrýar.
Perzendiniň sagdyn, akylly-başly bolup ýetişmegi ene üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki her bir maşgala ömrüniň manysyny terbiýeläp ýetişdiren perzentleriniň ykbalynda görýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň bir bölümi «Iň gymmatly miras terbiýedir» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde terbiýäniň, terbiýeli nesliň maşgala üçin, Watan üçin iň uly gymmatlykdygy barada aýdylýar. Şeýle-de «Kämilligiň gözbaşy — terbiýe. Terbiýe — bu hazyna» diýip, durmuşyň özeniniň terbiýe bilen baglydygy juda jaýdar bellenýär.
Ata-babalarymyz hemişe-de perzent terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Çünki perzent biziň dowamatymyz, olar biziň geljekki özümiz. Watanymyzyň we her bir maşgalanyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalara bilim-terbiýe bermek bolsa, biz — mugallymlaryň paýyna düşýär. Her bir maşgalanyň şeýle jogapkärli işi bize rowa görmeklerini bolsa, bilim-terbiýe işinde yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrmazlyga borçly edýär.
Perzent terbiýesinde maşgalada we mekdepde ikitaraplaýyn birmeňzeş çemeleşilende, çagalara maşgalada berk gözegçilik edilende mekdepde geçilýän derslere bolan jogapkärçilik has pugtalanýar. Hemme çaga birmeňzeş bolmaýar. Käbir okuwçy dilewar, açyk ýüzli bolup, öwrenen zadyny köpçülikde aýtmagy, öz garaýşyny beýan etmegi başarýar. Käbirleri bolsa çekinjeň, ýygra bolýar. Öwrenen zadyny hem doly aýtmaga çekinýär. Şeýle okuwçylar bilen hem dil tapyşyp, goşmaça sowallar berip, sapaga çekmek bolsa biz — mugallymlaryň döredijilik ukybyna bagly bolýar. Mugallymlar okadýan okuwçylarynyň häsiýetine belet bolmaly. Olaryň dilini tapmagy başarmaly. Şeýle edilende okuwçylaryň gyzyklanýan ugruny, höwes bildirýän kärini anyklap, olara geljekde hünär saýlamaga ýardam edip bileris. Diýmek, hünärli, terbiýeli nesliň kemala gelmeginde, ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagynda, durmuşda öz ornuny tapmagynda mugallymlaryň öňünde uly işleriň durýandygyny aňladýar.
Okuwçylaryň bilim-terbiýe işinde çeper eserler, ertekiler, rowaýatdyr dessanlar, goşgular möhüm orunda durýar. Durmuşda oňyn hem oňyn däl häsiýetli adamlaryň bolýandygy eserleriň gahrymanlarynyň keşpleriniň üsti bilen düşündirilende has täsirli bolýar. Ýene-de nakyllaryň kömegi bilen hem köp ündew bermek bolýar. Nakyllar hem durmuşyň ähli ugurlaryna degişli, gysga jümlelere siňdirilen terbiýe mekdebidir. Ilkinji sapaklardan «Edep başy — salam», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Bir sözle, iki diňle» ýaly nakyllary ulanmaklyk bilen, çagalar gowy terbiýä gönükdirilýär.