TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaşlara ýol-ýörelge

Ýaşlara ýol-ýörelge

Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly kitaby ― ýaşlara öwüt-nesihat mekdebi» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, umumadamzat şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi uç-gyraksyz ummandyr. Oňa teşne bolan okyjylaryň akyldara düşünmegi üçin hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bahasyz çeşmedir. Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň her bir ýaş neslini akyldaryň goşgularynda ündelýän agzybirlik, ahlaklylyk, watançylyk, adamkärçilik ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki kämil milli terbiýe mekdebimizi geçen her bir nesil ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegi ugrunda mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Maslahatda bu okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.

2025-02-1915