TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Baýramçylyk dabarasy

Baýramçylyk dabarasy

Golaýda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy halkara gatnaşyklarynda ösüşlere ýaň salýar» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 33 ýylyň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän netijeli we oňyn parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, şeýle-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Türkmenistan döwletimiziň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň we tagallalary jebisleşdirmek bilen gatnaşmagy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugrudyr. Çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

2025-02-1913