
Bagtyýar geljegimiziň eýeleri
Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli-ylymly, giň düşünjeli, sagdyn bedenli, asylly, ahlak duýgularyna ygrarly bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan yzygiderli wagyz-nesihat çäreleridir duşuşyklary guralýar.
Şeýle çäreleriň biri hem Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Arkadag şäheriniň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ruhy we beden taýdan sagdyn nesiller — bagtyýar geljegimiziň eýeleri» atly şygar astynda geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine «akylly» şäheriň bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasaty we parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sazlaşykly ösmegine, zähmet çekmegine, döretmegine we berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler buýsandyryjy netijelere beslenýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalary, sport toplumlary munuň aýdyň beýanydyr. Bu işler ýaşlarymyzyň diňe bir bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagynda däl, eýsem, asylly, halal işleriň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Bular dogrusynda çärede giňişleýin bellenilip geçildi.