TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäherinde jaý toýlary toýlanyldy

Arkadag şäherinde jaý toýlary toýlanyldy

Ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän dabaralary täze şähere göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine «akylly» şäherden jaýly bolmak bagty miýesser etdi. Iki gatly kottej jaýlarynyň ýanynda geçirilen dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatlar, täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar, olaryň dogan-garyndaşlary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly joşgunly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyna şatlyk goşdular. Dabarada gutlag sözi bilen çykyş edenler täzelenişiň we gülläp ösüşiň baýramy bolan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda tutulýan jaý toýlarynyň berkarar Watanymyzda abadançylygyň, rowaçlygyň dabaralanýandygynyň güwäsidigini bellediler. Täze taryhy döwrüň belent ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherinde gurlan binalar, medeni-durmuş, ylym-bilim maksatly desgalar, lukmançylyk, sport merkezleri, döwrebap ýaşaýyş jaýlary sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, ilata hödürlenilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Soňra täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara döwrebap öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

2025-03-2398