TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen h...

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar. Bu forum beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen döwlet we hökümet Baştutanlaryny, Parlament ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, belent mertebeli myhmanlar we halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde surata düşdi. Soňra mejlisler zalynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan wekilçilikli foruma gatnaşmaga gelen belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu gün Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşmak baradaky çakylygy kabul eden döwlet Baştutanlaryna, Hökümetleriň, Parlamentleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine, ýokary derejeli ähli myhmanlara öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy açyk diýip yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumda çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlara söz berdi.

Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň ömür ýolunyň, döredijiliginiň Eýran topragy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň Baştutanyna Gündogaryň meşhur şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranda köp sanly çäreleriň guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň ylmy taýdan öwrenilmegine goşýan goşandyny nazara alyp, Prezident Masud Pezeşkiany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Soňra Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Prezidentine manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Pakistanda hem birnäçe ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini, akyldar şahyryň çuň mana ýugrulan eserlerine uly sarpa goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarini «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, beýik şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Russiýa Federasiýasynda hem giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Moskwadaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagy şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we pursatdan peýdalanyp, bu işde goldaw berýändigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy. Munuň özi biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň nobatdaky aýdyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Russiýanyň Liderini bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleriň geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halky üçin uly hormatdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Baştutanyna bitiren uly hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygyny aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda kabul edilen Kararyň esasynda dürli çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şahyryň goşgularynyň özbek dilinde neşir edilmegi, şygyrlaryna aýdymlaryň döredilmegi, heýkelleriniň oturdylmagy, çeper filmiň surata düşürilmegi bizi örän buýsandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we özbek Liderini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dostlukly ýurtda giňden okalýandygyny, goşgular ýygyndysynyň yzygiderli neşir edilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagynyň halklarymyzyň dostlugyny dabaralandyrýan möhüm waka bolandygyny nygtap, Prezident Emomali Rahmony Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmäge goşan goşandy üçin şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini belledi we Täjigistanyň Baştutanyny bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda giň goldaw berýändigini, onuň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Gyrgyzystanyň Baştutanyny beýik akyldaryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyra bagyşlanyp Ermenistanda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň, onuň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň beýik akyldaryň ruhy hazynasyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmana Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Ermenistanda giňden wagyz edilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ugurda bitiren işlerini nazara alyp, dostlukly ýurduň Baştutanyny beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini aýtdy hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Baştutanyna täsirli çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, türkmen halkynyň medeni mirasyna, taryhyna goýýan hormat-sarpasy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşa söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Numan Kurtulmuşa täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkiýede giňden öwrenilýändigini, Ankara şäherinde şahyryň heýkeliniň açylandygyny, köp sanly çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Biz ýakynda türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylagladyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ç.Rustemowa manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we onuň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawynda orun almagynyň beýik söz ussadyna goýulýan uly hormaty görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi we Türkmenistanyň geljekde hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge möhüm ähmiýet berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz halkara forumy jemläp, bu günki maslahatda çuň manyly çykyşlaryň diňlenilendigini hem-de olarda öňe sürlen teklipleriň geljekde halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň Magtymgulynyň adynyň we eserleriniň halklary hem-de döwletleri birleşdirýändigini aýdyň görkezendigini aýdyp, onuň özara gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň öz işini tamamlaýandygyny aýtdy. Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

***

Günüň ikinji ýarymynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum iri halkara guramalaryň hem-de köp sanly sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýörite mejlis görnüşinde öz işini dowam etdi.

Forumyň medeni maksatnamasy daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onuň çäklerinde Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençler guraldy, kinofilmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy, sirk çykyşlaryna tomaşalar we beýleki çäreler guraldy.

2024-10-12126