TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäher hökmünde tanalýan Arkadag şäheri «2024 World ...

«Akylly» şäher hökmünde tanalýan Arkadag şäheri «2024 World Smart City Expo» halkara sergisinde 3 sany baýraga mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga  mynasyp boldy.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. «Akylly» Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda türkmen tarapy şu aşakdaky 3 baýrak bilen sylaglandy:

1.            «Akylly» Arkadag şäheri – Iň tapawutlanan «akylly» şäher (Smart City Excellence Award)

2.            «Akylly» Arkadag şäheri – Daşary ýurt «akylly» şäheri (Foreign city award)

3.            «Akylly» Arkadag şäheri – «World Smart City Expo 2024» «akylly» şäherleriň halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award)

Baýrak gowşuryş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol hususan-da koreý tarapynyň bu çäräni ýokary guramaçylykly derejede geçirendigini belläp, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän «akylly» şäherleriň tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň görkezilendigini aýdyp geçdi. Bu ugurda sergä gatnaşýan «akylly» Arkadag şäherine mynasyp derejede baha berlip, sylaglaryň gowşurylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, bu berlen sylaglaryň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda şähergurluşyk-binagärlik babatda alnyp barylýan işleriň belent sepgitlere ýetendiginiň ykrarnamasydygy nygtalyp geçildi.

2024-09-05149