TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: taryhy gatnaşyklary...

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: taryhy gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda iki goňşy döwletler bolan Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistany hoşniýetlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi işjeň döwletara gatnaşyklarynyň öňden gelýän däplerini dowam etmäge, türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan täze tehnologiýalary we ylmy gazananlary çekmegiň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Şunda biziň ýurdumyz goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Eýran Yslam Respublikasy ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolan dünýäniň iri döwletleriniň biri bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ol strategik ähmiýete eýe bolan giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Üstünlikli tamamlanan taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwletlerini Ýewropa bilen birleşdirýän möhüm ulag geçelgesine öwrülen Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly, «Körpeje — Gurtguýy», «Artyk — Lutfabat» we «Döwletabat — Sarahs — Hangeran» gaz geçirijileri, ýokary woltly «Balkanabat — Aly-Abad» häzirki zaman elektrik geçiriji ulgamy, «Dostluk» suw howdany bar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ýangyç-energetika pudagyna hem aýratyn orun degişli. Hususan-da, soňky ýyllarda Eýran türkmen gazyny üstaşyr üçünji ýurtlara SWOP görnüşinde eksport etmekde üstünlikli hyzmatdaşa öwrüldi. Häzirki wagtda Eýranyň üsti bilen SWOP görnüşinde türkmen «mawy ýangyjy» Azerbaýjana eksport edilýär. Şeýle-de bu goňşy döwletiň üsti bilen türkmen gazyny Yraga ibermek boýunça hem ylalaşygyň gazanylandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň tomsunda iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasynda bolsa Türkmenistandan Eýrana iberilýän tebigy gazyň möçberini 40 milliard kub metre ýetirmek we munuň üçin degişli infrastruktura desgalaryny gurmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen-eýran medeni gatnaşyklarynyň näderejede çuňlugy iki halkyň edebiýatyndaky ýakynlykda hem şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Hafyz Şirazynyň, Saadynyň goşgularyny söýüp okaýandygy, eýranly okyjylaryň Magtymguly Pyraga, Döwletmämmet Azada aýratyn sarpa goýýandygy sözümize güwä geçýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Hafyz Şirazynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmegi bolsa özara edebi dostlugyň ebedi nyşanydyr.

Iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ýylsaýyn berkeýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pars dili hünär hökmünde hem-de ýörite ders hökmünde okadylýar. Olardan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hünär hökmünde öwredilýän bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda pars dili ýörite ders hökmünde okadylýar. Munuň özi ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine, türkmen hem-de eýran halklarynyň dost-doganlygynyň has-da pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

2024-08-29192