TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Uly hasap bilen ümzügi öňe

Uly hasap bilen ümzügi öňe

Golaýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 20-nji tapgyrynda «Arkadag» bilen «Altyn Asyr» futbol toparlary duşuşdy. «Nusaý» stadionynda geçen duşuşykda «Arkadag» topary 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşyk örän çekeleşikli dowam edip, oýnuň 27-nji minutynda «Arkadagdan» Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby açmagy başardy. Oýnuň 36-njy minutynda Ilýa Tamurkin hasaby artdyrdy. 58-nji minutda Şanazar Tirkişow tapawutlansa, bir minut geçip geçmänkä, Altymyrat Annadurdyýew özüniň şu oýundaky ikinji, toparynyň bolsa dördünji goluny geçirdi. Şondan soňra «Altyn Asyrdan» Röwşengeldi Halmämmedowyň geçiren goly aragatnaşykçylara teselli bolsa-da, bu hasap hem goratmady. Oýnuň 86-njy minutynda Resul Röwşenmyradowyň öz derwezesine geçiren goly ahyrky hasaby kesgitledi: 5-1.

* * *

27-nji awgustda çempion topar Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky sport desgasynda Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul edip, 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan duşuşyk «Arkadagyň» öňümizdäki AFK-nyň Çagyryş ligasynda toparlardaky duşuşyklaryna ykjam taýýarlanmagy we ony netijeli geçirmegi üçin öňe süýşürildi. Ýeri gelende ýatlatsak, ýurdumyzyň çempionynyň agzalan halkara ýaryşyň «B» toparçasyndaky bäsdeşleri Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyzystanyň «Abdyşata» futbol toparlarydyr.

2024-08-2987