TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň, sportuň we dostlugy...

Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň milli we ählumumy derejede sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmäge, jemgyýetde ekologik medeniýetiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine goşýan goşandynyň uly ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Ekologik ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynda durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, amala aşyrylýan maksatnamalarda, giň gerimli taslamalarda möhüm orny eýeleýär. Şunda ýurdumyzda sportuň giňden wagyz edilmegine we ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin sport çäreleri, şol sanda welosipedli ýörişler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan goldanylýar we üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň üçin Diýarymyzda ähli zerur şertler bar. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, netijeli türgenleşmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli we halkara derejedäki ýaryşlary guramak üçin döwrebap ugurdaş infrastruktura döredildi. Welosiped barada aýdylanda, ol meşhur sport ulagy bolmak bilen, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişdedir. Umuman, ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar.

...Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasy Aşgabadyň özboluşly desgalarynyň biridir. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Watanymyzyň üstünliklerini, şol sanda sportda gazanylýan ýeňişleri wasp edýän aýdym-tansly kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň ilerledilmegine ýardam berýär. Şunda Türkmenistanyň toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goramak strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini, bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden ykrar edilýär we goldanylýar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňelýär. Döredilýän seýilgählerdir seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Ir säheriň jana şypaly howasy, Köpetdagyň dag etekleriniň, ak mermerli paýtagtymyzyň gözel görnüşleri ruhuňy belende göterýär.

Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, işewürlik, medeni-jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmak bilen, ykrar edilen sport merkezine hem öwrüldi. Düzümine halkara standartlara laýyk gelýän üsti ýapyk görnüşli Welotrek binasy, köpugurly sport toplumy girýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Ýakynda Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan bu şäherçäniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigini we degişli güwänamanyň gowşurylandygyny nygtamak zerur. Soňky ýyllarda Aşgabatda sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň ençemesi geçirildi. 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Çözgüt bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Döredijilik toparlarynyň we türgenleriň welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin sport çärelerine ýaş türkmenistanlylaryň hemişe işjeň gatnaşýandyklary guwandyryjydyr. Şu gezekki çärä Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginde 335 kilometr aralyga ilkinji gezek guralan welosipedli ýörişe gatnaşan türgenler hem goşuldylar. Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagyndaky bu welomarafon dört tapgyrda geçdi we paýtagtymyzdaky “Welosiped” binasynyň ýanynda tamamlandy.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Beden we ruhy taýdan sagdyn, sazlaşykly ösýän ýaş nesli kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaş türkmenistanlylary bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Geçirilen ylmy barlaglara görä, sport bilen meşgullanmak diňe bir saglygy we adam bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, aň-paýhas ösüşini hem höweslendirýär. Yzygiderli türgenleşikler, beden maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýär, onda zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň terbiýelenmegine ýardam berýär. Netijede, adamyň iş ukyby, döredijilikli pikirlenişi ýokarlanýar. Bularyň hemmesi şahsyýete öz mümkinçiliklerini doly derejede açmaga kömek edýär.

Welosiped barada aýdylanda, ol beden sagdynlygyny saklamak üçin ajaýyp sport ulagydyr. Welosiped sürmek bedeni taplamagyň, köp keselleriň öňüni almagyň netijeli usulydyr. Welosportuň köp görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek. Onuň adaty görnüşleri bilen birlikde, häzirki wagtda mauntinbaýk, welofristaýl, welotrial ýaly görnüşleri-de barha meşhur bolýar. Welosipedi figuralaýyn sürmek, welopolo we welobol boýunça ýaryşlar-da geçirilýär. Welosport sportuň triatlon görnüşiniň hem bir bölegi bolup durýar. Munuň özi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak isleýänlere saýlamak üçin giň ugurlary açýar. Welosiped sporty we welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik wagtynda arassa howada wagtyňy hoş geçirmäge amatly şertleri döredýär. Geçirilen halkara sosiologik sowalnamalaryň netijeleri boýunça welosiped adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

Häzirki wagtda ulagyň ekologik taýdan arassa bu görnüşini işe we beýleki ýerlere gatnamak üçin saýlap alýan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen birlikde, welosipedli syýahatçylyk hem barha meşhurlyga eýe bolýar. Ol gözýetimiňi giňeltmäge, tebigatyň gözelliklerine syn etmäge, täze duýgular bilen ruhuňy baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni ýadygärlikleri, gözel tebigaty bilen meşhur bolan Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan Aşgabat köp sanly daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär. Timarlanan seýilgählerdir seýilbaglar, suw çüwdürimleri türkmen paýtagtynyň bezegi bolup durýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere beslenýän şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem Aşgabadyň gözel künjekleriniň birine öwrüldi. Köpetdagyň ajaýyp dag etegindäki toplumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bina edildi. Bu ýerde dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, döredijilik işgärleriniň heýkelleriniň otyrdylandygyny-da bellemek gerek. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda wasp edilýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik ýaly asylly ýörelgeleriň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Täze medeni-seýilgäh toplumynyň türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary özüne çekip, iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.

Ýolugruna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talabalaýyk ideg etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ähli alnyp barylýan işlerde ekologik ugra möhüm ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi ussatlarça tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, bu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy.

* * *

Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy. Baýramçylyga gabatlanyp, maslahatlar, duşuşyklar, ýaryşlar, ýaş türgenleriň, talyplaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary we ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirilip, ýaryşlar 200, 500 we 750 metr aralyklar boýunça guraldy. Ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň gatnaşmagynda guralan welomarafon hem ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

2024-06-041241