TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Kompozitor» — kämil film

«Kompozitor» — kämil film

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kompozitor» atly kinofilminiň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi.

Çäräniň dowamynda filmdäki kompozitoryň çagalykdaky we uly ýaşdaky keşplerini döreden aktýorlaryň öz keşbini doly duýmagy başarandyklary filmi has-da özüne çekiji edýändigi barada kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew aýdyp geçdi. Türkmenistanyň halk bagşysy Şemşat Hojaýewa we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Kompozitor» atly filmiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kino sungatynyň şowly eserler bilen baýlaşýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, filmde ýaş kompozitor Merdan Hudaýberdiýewiň durmuş ýoly, saza çagalygyndan imrinişi beýan edilýär.

«Kompozitor» kinofilminiň döredijilik topary IV «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy we bu filmde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talybynyň baş rolda çykyş etmegi biziň üçin has-da buýsandyryjy. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Dilşat Meläýewa «Kompozitor» filminde oýnan rolunda halkara kinofestiwalynyň iň gowy zenan roly üçin baýragyna mynasyp boldy.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar «Kompozitor» atly filmiň türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärligi bilen döredilendigini uly ruhubelentlik bilen bellediler.

2024-11-27209