TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Köpýyllyk tejribäniň eýesi

Köpýyllyk tejribäniň eýesi

Öňňin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, ylymlaryň doktory, akademik Iwan Iwanowiç Kuzmin Türkmenistan döwletimiziň iň ýokary sylagyna — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp boldy.

Golaýda Türkmenistanyň Gahrymany Iwan Kuzmin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheri bilen tanyşdy. Tanyşlygyny döwrebap elektrobusda dowam eden myhmana Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we bu ýerde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi.
«Akylly» şäheriň golaýyndaky üzümçilik meýdany oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan myhmanymyzyň ünsüni özüne çekdi. Ol bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň we beýleki miweli baglaryň miweleri — gyzyl, ýaşyl almalar, şetdalynyň dürli görnüşleri, armyt... ýaly gök önümler bilen tanşyp, olaryň hiline ýokary baha berdi. Akademik miweli baglaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Myhmana bu topragyň süýji üzümleriň mekanydygy, onuň ýetişdirilmegi ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy hem-de üzüm tohumlaryna döwrebap atlaryň dakylýandygy aýdyldy.
Akademik I.Kuzmin Arkadag şäheriniň häkimliginde bolup, geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň taslamalary hem-de şekil çyzgylary bilen tanyşdy, alyma «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşygy we onuň taslamalary görkezildi. Şeýle hem myhmana Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän talaplary esasynda obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak täze ýokary okuw mekdebiniň ähli desgalarynyň şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ugrunda tagalla edilýändigi barada gürrüň berildi.
Myhman Arkadag şäheri bilen tanyşmagyň özünde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrandygyny, bu ýere ýene-de gelip görmegi arzuw edýändigini aýdyp, bu mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

2024-09-2659