
Ýeňişli ýaşlar
Türkmen halkynyň sirk sungatynyň hem-de behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä tanadan meşhur toparyň taryhy ýeňşi mynasybetli Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde ýaýbaňlanan dabaranyň yzysüre «Märkaw» myhmanhanasynda geçen aýdym-sazly dabara hem şatlyk-şowhuna beslendi.
Ýokary guramaçylykda, ruhubelentlikde dowam eden dabaraly çärede «Galkynyş» toparynyň oglan-gyzlarynyň bedewlere ussatlyk bilen erk edip, at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimleriniň milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydygy, çykyşlarynyň diýseň täsirlidigi, uly gyzyklanma döredýändigi, olarda çeýeligiň, gözelligiň hem-de ussatlygyň ajaýyp sazlaşygynyň bardygy barada buýsanç bilen bellenildi. Şeýle-de ata Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara derejede arşa göterip, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde, aýratyn hem milli sirk sungatymyzy, atçylygy ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylýan hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.
Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, öwüşginli tans çykyşlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini göterdi. Şowhunly el çarpyşmalar meşhur toparyň agzalarynyň gazanan taryhy ýeňişlerini dabaralandyrdy, joşgunly aýdymlara kybap tanslar ýerine ýetirildi. Dürli naz-nygmatlar goýlan desterhanyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň, eziz Diýarymyzyň nurana geljegi ugrundaky tagallalarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişleriniň dowamat-dowam bolmagy arzuw edildi.
Ýakynda döwlet Baştutanymyz toparyň agzalaryny gazanan uly üstünligi, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şonda hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar» diýen sözleri bu dabaranyň many-mazmunyna uly ruhubelentlik goşdy. Dabaranyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgenlerini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasynyň, sport egin-eşikler toplumynyň, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumynyň, ajaýyp türkmen halysynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Toparyň agzalary hem, öz gezeginde, halkara derejede geçirilýän şeýle iri ýaryşlara gatnaşmak, türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýaýmak, döredijilikli işlemek, ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmegi üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.