Baş binagärimiziň beýik eseri
15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň, şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdirilýän oturgyçlaryň we germewleriň görnüşleri, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri görkezildi.
Milli Liderimiz desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Degişli ýolbaşçylar Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar hem-de şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak babatda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlarynyň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini pugtalandyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň ýaşlaryň aňyna berk ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtap, alym Arkadagymyz bu işde bilim işgärleri bilen bir hatarda, ýaşulularyň hem bilelikdäki wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz täze şäherde ornaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine we baýlaşdyrylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergide üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň munuň aýdyň güwäsidigini belledi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda tabşyryklary berdi.