TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Päsgelçiliklerden atly bökmek

Päsgelçiliklerden atly bökmek

Atçylyk sporty ýaryşlarynda, at seýislenýän, türgenleşik geçirilýän wagty dürli beýiklikdäki we ululykdaky ýörite goýlan päsgelçiliklerden atly bökmek atly türgenden ýokary ussatlygy, beden taýdan güýçlüligi we özüne erk etmegi başarmagy talap edýär.

Päsgelçiliklerden atly bökmek boýunça ýaryşlaryň düzgünnamasyna laýyklykda ýaryşlar çylşyrymlylygy boýunça dürli derejelerde bolup biler. Käbir ýaryşlarda päsgelçilikler belli bir yzygiderlilikde we belli bir ýol ugry boýunça geçirilýär. Ýeňiji iň az jerime san hasaby bilen kesgitlenilýär. Hasaba alyş jerime sany deň bolan ýagdaýynda päsgelçilikleri galdyryp, ýene-de ýokarlygyna böküp, synanyşmaly bolýar ýa-da päsgelçilikli aralygy haýsy atly türgen az wagtda geçse, şoňa öňdäki orun berilýär.

Atlaryň böküş güýjüni kesgitleýän päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşlary örän gyzykly bolup, şeýle ýaryşlar päsgelçiligi yzygiderli ýokary galdyrmak bilen, atyň soňky iň beýik böküş nokadyna çenli dowam etdirilýär. Soňky böküşiň beýikligi kähalatlarda 220 santimetre çenli bolýar. Päsgelçilikden atly bökmekde atly türgeniň ýalňyşlary üçin jerime sany baha hasaplanylýar. Päsgelçilikden birinji gezek at bökmese, üç san jerime, ikinji gezek bökmese, alty san jerime salynýar. Üçünji gezek bökmese, türgen aty bilen ýaryşdan çykarylýar. Päsgelçilige atyň aýagy degip, ony ýyksa, dört san jerime, türgen atdan ýykylsa, sekiz san jerime hasaby ýöredilýär. Haýsy atly türgen az sanly jerime balyny alan bolsa, şol hem ýeňiji hasaplanýar.

Päsgelçilikden bökýän atlary we atly türgenleri taýýarlamak üçin aty haýsy hem-de nähili hereket endiklerine türgenleşdirmelidigini, kämilleşdirmelidigini bilmek zerur bolýar. Ilki bilen, konkur aty päsgelçilikden bökmäge ýeterlik derejede güýçli we kuwwatly bolmalydyr. Atyň böküşiniň beýikligi diňe bir atyň güýjüne däl, eýsem, atyň art aýaklarynyň çalt we güýçli ýazylmagyna, göwresini ýokary galdyrmaga itergi bermek ukybyna, kuwwatyna-da baglydyr. Atyň öňatma hereketi ýokary tizlikli bolmasa, ýaryşlaryň netijesi pes bolýar. Aty türgenleşdirmek bilen, tejribede onuň böküş endiklerini, refleksini ösdürmeli bolýar.

At talabalaýyk bolmasa, türgen aty bökdürmekde gowy netije gazanyp bilmeýär. Onuň tersine türgen gowy bökmäge ukyply aty bökdürmäge taýýar bolmasa, onda atyň gowy netije gözkezip bilmezligi hem mümkin. Atyň sport boýunça gazanýan netijeleri onuň çalasynlygyna, duýgurlygyna-da (reaksiýasyna) baglydyr. Eger türgen atyň garaşylmadyk nädogry hereketine (mysal üçin, wagtyndan öň ýa-da gijä galyp bökmegine) taýýar bolup, çalt we ugurdaş gopsa, ol jerime bal almakdan halas bolup biler.

Atyň böküş tilsimleri

Atyň böküşi ýörite türgenleşdirmek bilen kämilleşdirilen atyň çylşyrymly, öwredilen emeli hereketidir. Atyň böküşi bir herekete — bökmäge ugrukdyrylan birnäçe basgançaklardan durýar.

Böküşe taýýarlyk — bat almak. Aty öňürdikledip bat alynýar. Bökmäge taýýarlygyň soňky pursady at öň iki aýagyna daýanyp, bar güýji bilen özüni ýokary itekleýär. Atyň kellesi we boýny aşak eglen, öň aýaklary ýokary galmaga taýýar bolýar.

Böküş bölegi — at öň aýaklary bilen göwresini ýokary itekläp, art aýaklaryny birneme epleýär we art aýagyny güýç bilen ýazyp, iteklenip, ýokarlygyna bökýär.

Howada gaýmak böleginde — at päsgelçiligiň ýokarsyndan öňe okdurylyp, howada gaýýar. Atyň ilki öň aýaklary epilen, soň howada gaýýarka art aýaklary epilen bolýar. Öň aýaklary dogrulanýar.

Ýere düşmek hereketi — at ilki kellesini we boýnuny ýokary galdyrýar, yzyndan iki öň aýaklaryny ýere goýberýär we soň artky iki aýaklaryny ýere basýar.

Atyň üstündäki türgen at bilen meňzeş we ugurdaş hereket etmelidir. At ylgawyna bat alýan wagty türgen eýeriň üstünde dyzyna daýanyp, ýarym oturýar. At ýerden galyp başlanda öňe ymtylyp, bökýän wagty bolsa atyň boýnuna tarap ýapyrylýar. At ýere düşýärkä, türgen göwresini dikläp, dogrulanyp, kem-käs yza gaýşaryp, ata söýget berip oturýar.

2025-04-2377