TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalara datly nygmatlar

Çagalara datly nygmatlar

Ýakynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Hasyl toýy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar iberen sowgatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar hem-de hoşallyk bilen kabul etdiler. Soňra çagalar öz aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen ýurdumyzyň ösüşini hem-de hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň waspyny ýetirdiler.

Bu asylly däp hemmelere ynsanperwerligiň, mätäji goldamagyň, hemaýat bermegiň, gol uzatmagyň beýik nusgasyny görkezmek bilen, ata-babalarymyzdan gelýän türkmeniň sahawatlylyk ýoluny ýene-de bir gezek rowaçlandyrdy. Asuda ýurdumyzda adam hakynda aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň geljegi bolan nesillerimiziň durmuş taýdan goraglylygynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýändigini görkezdi.

Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda haýyrly işleriň giň gerim alýandygy has-da buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Ýaşlar biziň ganatymyz, dowamatymyz, geljegimiz. Şonuň üçin Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljegimiz, dowamatymyz bolan nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, döwür bilen aýakdaş gitmegi, bilimli, ruhubelent, gujurly, watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary edýärler.

Meşhur ýazyjylaryň biri: «Öz döwürdeşleri hem-de geljek nesiller üçin nusga bolup bilýän şahsyýetleriň dörän ýurtlary bagtlydyr, çünki beýik adamyň başyna dakylan abraý jygasy onuň halkyna bagyşlanýandyr» — diýipdir. Türkmen halky bagtly halkdyr. Çünki türkmen halkynyň başynda döwletlilik däplerini ösdürmekde ägirt işleri amala aşyrýan, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşýan dünýä nusgalyk şahsyýetler durandyr. Berkarar döwletimizi dünýä ýüzünde şöhratlandyran, çuňňur oýlanyşykly we pähim-paýhas bilen milli ýörelgelerimize uýup, saýlan ýolunda, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde asylly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.

Dünýä ýüzünde haýyr işleriň ilerlemegi üçin nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, ýaş nesliň aladasynda amala aşyrýan sogaply işleri rowaç bolsun!

2025-11-1226