TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan...

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak, diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. Şeýle hem men ýurduň Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýaryn. Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi-de aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Jemgyýetçilik binýadynda durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine Birleşen Milletler Guramasynyň goşýan goşandyna Siziň Alyhezretiňiziň ýokary baha bermegiňiz mende uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistanyň Hökümetini bu maksatnamany giňeltmek mümkinçiligine garamaga çagyrýaryn.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurt boýunça toparyna hemişe berýän goldawyňyz, hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň! Guramanyň wekilhanasyna Aşgabatda goşmaça binanyň berlendigi üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Bu binanyň açylyş dabarasyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň gatnaşmagy meni örän guwandyrdy.

Aşgabada saparymyň dowamynda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň! Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu GUTERRIŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

2024-07-19623