TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýurdumyzyň ykdysady üstünligi

Ýurdumyzyň ykdysady üstünligi

Ýakynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guraldy. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen köpugurly sergide milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünlikleri şöhlelendi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýe. Şunda Arkadag şäheriniň mynasyp orny bar. Biz hem ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşan Arkadag şäheriniň häkimliginiň iş dolandyryjysy Durdy ÇOPANOWYŇ ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
— Arkadag şäheriniň ýörite pawilýonynda «akylly» şäheriň açylandan şu güne çenli ýeten sepgitleri hem-de aýratynlyklary giňden tanyşdyryldy. Şunda, esasan, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda 
Arkadag şäheriniň Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City EXPO 2024» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde 
3 sany baýraga mynasyp bolandygyny aýtmak gerek. Olar «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» «akylly» şäherleriň halkara sergisine goșan uly goşandy üçin» atly baýraklardyr. «Smart-siti» șähergurluşyk konsepsiýasyna laýyklykda, şäheriň maglumat-kommunikasiýa düzümi häzirki zaman elektron ulgamlary arkaly ișleýär. Şäheriň ýaşaýjylary smartfonyň üsti bilen internet arkaly uzak aralykdan öýleriniň durmuş tehnikasyny, hojalyk enjamlaryny dolandyryp bilýärler. Öýüň howpsuzlygyny üpjün edýän hem-de suwuň, toguň, tebigy gazyň sarp edilișini tygşytlaýan intellektual ulgam hem ornaşdyrylandyr. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bolsa, ýokary tizlikli internetden, ýokary hilli öýjükli aragatnaşykdan hem-de IP telewideniýeden bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şäheriň ikinji tapgyrynda önümçilik desgalary bilen bir hatarda, lukmançylyk klasterini döretmek meýilleşdirilýär. Şu zatlaryň ählisi pawilýonymyzda şöhlelendi.
Bize şeýle şertlerde işlemäge, ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

2024-09-2657