TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan edip, german kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen netijeli dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine Germaniýanyň işewür düzümleriniň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz ugurlaryň köpüsinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy german kompaniýalarynyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda, hususan-da, senagat we oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýandyklary bellenildi.
Köp ýyllaryň dowamynda Germaniýanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. Saglygy goraýyş ulgamynda uzak möhletleýin türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy nygtalmaga mynasypdyr. Özara tejribe alyşmak meselelerine möhüm üns berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda nemes kompaniýalarynyň iň kämil, öňdebaryjy enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakynda gol çekiljek Ähtnamanyň ähmiýetine ünsi çekip, bu resminamanyň Türkmenistan bilen “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysady taýdan durnukly ösüşiň ýokary depginini saklamaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryny olardan netijeli peýdalanmaga çagyrdy we ýurdumyzyň german tarapyndan hödürleniljek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň sentýabrynda GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şeýle hem şol saparyň dowamynda Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahatynyň geçirilendigi bellenildi. Forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri görkezildi, Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň bardygy aýdyldy.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Germaniýada öndürilýän we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň we ýeňil awtoulaglaryň yzygiderli satyn alynmagy ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki döwürde Diýarymyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň, geçelgeleriniň gurluşygy, howa flotunyň, deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyny aýtdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş serişdeleri üçin ýurdumyzda ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bar.
Işewürler bildirilen ynam üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň häzirki zamanyň nusgalyk şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar. Arkadag şäherinde dörediljek halkara derejedäki lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary bellediler hem-de maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň üstünlikli iş alyp barmagy üçin degişli hukuk binýadynyň bolmagy, ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi germaniýaly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, işewürler hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.

2024-01-29507