
Geljegimizi gurujylar
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan çeper döredijilik, ylym-bilim, medeniýet-sungat, oba hojalyk we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bäsleşikler, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli yglan edilýär.
Olarda üstünlik gazanan ýaşlar hormat hatlarydyr diplomlar, sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Netijede, bagtyýar ýaşlar okamak, öwrenmek, ylym bilen meşgullanmak arkaly özleriniň ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler we uly üstünliklere, ýokary görkezijilere ýetýärler. Muny her ýylda asylly däbe eýerilip yglan edilýän «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada eýe bolan ýaşlarymyzyň sanynyň artýanlygynda has-da aýdyň göz ýetirýäris.
Ýakynda bu hormatly ada öňdebaryjy ýaşlaryň 141-si mynasyp boldy. «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara berilýär. Bu hormatly ada ýaşlaryň we ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherimizde işleýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okap bilim alýan ýaşlarymyz hem mynasyp bolmagy başardylar. Ýaşlaryň geljegi we bagtyýar şu güni barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.







