
Ösüşlerinde bedewleriň bady bar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan ösüş-özgerişlikler bedew bady bilen ölçelýär. Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz parahatçylygyň we gözelligiň alamatydyr. Türkmen halky «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!» diýip, ahalteke bedewlerini ähli döwürlerde hem gadyrlapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilip, olaryň şöhraty has-da arşa galýar. Bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň şu günlerinde bolsa eziz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna giňden taýýarlyk görülýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň dünýä edebiýatynyň gymmatly eserlerine öwrülen işleriniň birnäçesini behişdi bedewlerimize bagyşlady. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly çuňňur manyly eserler her bir okyjynyň, çapyksuwaryň, seýsiň, umuman, atşynaslaryň, alym-professorlaryň ýankitabyna, gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Bu eserler türkmen bedewleriniň şöhratly ýollaryny, taryhyny, gelip çykyşyny, dünýä ýüzündäki belent şöhratyny wasp edýär. Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen bedewleri dünýäni haýrana goýarlyk derejede idedilýär. Ýurdumyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi muňa güwälikdir. Şeýle atçylyk toplumlarynyň biri hem Arkadag şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumydyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy 600 baş ahalteke atyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenip, onuň düzüminde edara binasy, muzeý, seýisler üçin okuw merkezi, 12 sany athana, ýaşajyk taýlara tälim bermek üçin ýapyk manež we başga-da birnäçe desgalar bar. Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu toplumda işleýän atşynaslaryň we hünärmenleriň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen gurlan, 114 hojalyga niýetlenen iki gatly, iki öýli 57 sany ýaşaýyş jaýlar toplumy häzirki wagtda «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýlip atlandyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatik we gimnastik tilsimleri, olaryň bedewlere ussatlyk bilen erk etmekleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ilkinji üstünligini 2013-nji ýylda geçirilen «Idol» atly bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda gazandy, şonda toparyň ussat çapyksuwarlary festiwalyň ýeňijileri bolup, uly seslenme döretdiler. Şol üstünlik uly waka öwrüldi hem-de beýleki sirk festiwallaryna ýol açdy. «Galkynyşy» dünýä ýüzi tanap ugrady. Şondan bäri hem şeýle bäsleşiklerde her bir çykyş olara üstünlik getirip, ýörişli ýollary baýraklar bilen beslenýär. Dünýä belli topar ýurdumyzda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem taryhy ýeňiş bilen başlady. Has takygy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 17 — 26-njy ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk we sirk sungatyny ösdürmek babatda başyny başlan asylly işleriniň ýene bir ajaýyp miwesi bolup äleme doldy.
Älem-jahany haýrana goýan meşhur Akhanyň 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmek bilen görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de degişli şahadatnama berildi. Mälim bolşy ýaly, Akhanyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň hut özüdir. Alym Arkadagymyz başarjaň we tejribeli çapyksuwardyr, bu ugurda halypadyr, atçylyk sungatynyň janköýeri we oňa uly sarpa goýujydyr. Bu rekord milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek we nesilden-nesle geçirmek boýunça yhlasly işleriň guwandyryjy netijesini dünýä äşgär etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mukaddesliklerimiziň dowam etdirilmegine gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň hem-de çapyksuwarlarynyň şan-şöhratynyň belende göterilmegine ýardam edýär. Medeni mirasymyzda ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir. Olaryň şan-şöhraty bolsa türkmen atçy-türgenleriň halkara ýaryşlarynda we sirk festiwallarynda gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak onuň esasy maksady bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, geçen ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem geçen ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçen maslahatyň dowamynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem bu bellenenleriň aýdyň güwäsidir. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň binagärlik-gurluşyk keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi, esasy şaýollarynyň birine Akhan atly bedewiň adynyň dakylyp, onuň ugrunda Akhan monumentiniň, şäheriň merkezinde bolsa Milli Liderimiziň ahalteke bedewine atlanan pursadyny şekillendirýän «Arkadag Binasynyň» gurulmagy ýöne ýerden däl. Bular Arkadag şäheriniň geljekki ösüşlerinden habar berýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «At — myrat» atly okuw merkeziniň açylmagy, seýisleriň we atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, atşynaslara, seýislere, çapyksuwarlara täze, döwrebap jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy türkmen bedewlerini ýetişdirmekde päk zähmet çekýän adamlara goýulýan hormatyň aýdyň güwäsidir.