TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

 

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

 

Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz,
Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!
Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz,
Asman-Zemin hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

 

Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr,
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr.
Bir-biregi sarpalap ýaşamaly dünýädir!
Jümle-jahan hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

 

Goý, ýürekler bir bolup, baky gül açsyn dünýä!
Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!
Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär,
Ak günleriň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

 

Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi,
Ýazylsyn, giň ýazylsyn agzybirlik suprasy,
Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty,
Giň dünýäniň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

 

Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana,
Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana,
Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana,
Adamzadyň hakyna belent maksat tutany —
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!

2024-09-275801