
Gül-gunçalarymyzyň durmuş goraglylygy
Ösüşiň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Şunda eneleriň we çagalaryň hukugyny, saglygyny goramak, ýaş nesillere belent ahlak, demokratik ýörelgeler esasynda terbiýe hem-de bilim bermek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyga-da möhüm ähmiýet berilýär.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçiren mejlisinde Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň saglygy, bilimi we sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasy kabul edildi. Türkmenistan hem bu konwensiýany 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklady.
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy. Bu resminama çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny mundan beýläk hem üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de milli-medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, çagalary okatmagyň we durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek, çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.
Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we azatlyklary, olaryň kanuny bähbitleriniň goralmagy babatda kämil kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Olaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Kanun çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Şonuň ýaly-da, çaga zähmetiniň meselelerini düzgünleşdirýän «Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda» (01.02.2005ý.), «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» (26.03.2016ý.) Türkmenistanyň Kanunlaryň kabul edilmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýändigini subut edýär. Munuň özi çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge, saglygyny goramaga, bilime, dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge, jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge bolan we beýleki birnäçe hukuklaryny kepillendirýär.
Ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak we olara ähli babatda mynasyp durmuşy üpjün etmek, şeýle hem maşgalany goldamak ugrunda döredilýän amatly şertler we giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň «Goý, her bir maşgala ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, ýurdumyz asuda, durmuşymyz owadan bolsun!» diýen şygarynyň durmuşa geçirilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.







