TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlara görä geçirmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrmagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda” Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Onda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişilip, Daşoguz welaýatynda bolsa ekişe başlamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda sebitlerde dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, galla oragy möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň talabalaýyk geçirilmelidigine ünsi çekdi we bu ugurda döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilip, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzdaky gurluşyklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, ugurdaş düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýokary hilli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hukuk taýdan düzgünleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň işini täzeçe guramak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. 26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik we ylmy wekiliýetleriniň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” kompýuterleriniň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady. Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi.
BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17 — 21-nji marty aralygynda Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýewropa Bileleşigi we onuň düzümindäki ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şu maksatlar bilen, Brýussel şäherinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň daşary syýasat boýunça baş geňeşçisi, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentleri, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissary, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili, Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilleri, Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça toparynyň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda däp bolan syýasy dialogy, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, netijeli ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Belgiýa Patyşalygynyň daşary işler, Ýewropa işleri, daşary söwda we federal medeniýet edaralary boýunça ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Brýusselde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” formatynda “tegelek stol” maslahaty guraldy. Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, sebitiň ylmy-barlag merkezleriniň, iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Olarda ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda ulag, energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, senagat, şäher gurluşygy, maýa goýum, söwda, sanly ulgam, saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Tegelek stol” maslahaty tamamlanandan soňra, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Brýussel şäherine iş saparyň çäklerinde Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda boýunça ministri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, ulag we kommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň ugurdaş edarasynyň wekilleriniň bu guramanyň işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak, iş tejribesine halkara standartlary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Brýussel şäherine iş saparynyň dowamynda birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň goşmaça Teswirnamasyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş hyzmatdaşlygy boýunça Federal döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Italiýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Rim şäherinde Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň (IFAD) prezidenti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşyklar barada habar berdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, Azyk we oba hojalyk guramasy bilen amala aşyrylýan we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar, howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we ulag boýunça ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Italýan tarapy bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara giňden gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Tirreniýa deňiz portunyň merkezi dolandyryş edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Italiýanyň Döwlet demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň çäklerinde ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Rim şäheriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygyň dowamynda köpugurly türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şunda arheologiýa ugry hem-de iki ýurduň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça uzak möhletleýin esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Rim şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini ebedileşdirmegiň, 2025-nji ýylda “Kapitoliý” muzeý toplumynda Türkmenistanyň arheologik sergisini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergini guramakda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we Rim şäheriniň häkimliginiň arasynda degişli resminama gol çekildi.
“Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de Italiýanyň Gurluşykçylarynyň milli assosiasiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine we ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna hem-de Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy birnäçe teklipleri beýan etdi. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky utgaşdyryjy platformany döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär. Ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany işläp taýýarlamak; şu ýylyň iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisini Aşgabatda geçirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara oba hojalyk ösüş gaznasyna agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen bilelikde şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Belgiýa Patyşalygy we Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglaryny, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny, uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdanda guruljak desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary, awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary döwrebap şertlerde ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz B.Annaýewi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklap, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz B.Annaýewe täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem dabaraly bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Türki dünýäniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda guraljak dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterer.
Hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak babatda başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2024-03-25333