TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şanly baýram — şöhratly waka

Şanly baýram — şöhratly waka

Şanly ýylymyzyň 6-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi taryhy waka boldy. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzdan we jemgyýetçilik wekillerinden gelip gowşan teklipleriň esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň hödürlemegi bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň adyny we nyşanyny tassyklap, belent tutumlara badalga beripdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýär.

Ýylyň başynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çärelere badalga berilmegi bilen, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda ýylyň dowamynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreler yzygiderli geçirilýär.

BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly häzirki wagtda dünýäniň gün tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmäge itergi berdi. Şeýle hem şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň, dünýä döwletleriniň, halkara we sebitleýin guramalaryň dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegi babatda oňyn başlangyçlaryny we tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilikleri artdyrdy.

Ýylyň dowamynda geçirilen halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, seminarlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, sport çäreleriniň, okuw sapaklarynyň, köptaraplaýyn dialoglaryň, taýýarlanylan teswirleriň, maglumatlaryň we çap edilen neşirleriň ähmiýeti örän uludyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, kanunylygy we demokratik dolandyryşy pugtalandyrmaga, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň hormatlanylmagyna, hukugyň hökmürowanlygyna ýardam edýän, şeýle hem ählumumy maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň hukuk esaslaryny emele getirmekde, döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde parlament guramalarynyň we milli parlamentleriň işiniň wajyplygyny ýylyň dowamynda geçirilen çäreler hem subut etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekmegi halkara giňişlikde ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyryp, halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ýylyň dowamynda geçirilen çärelerde biz halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynsanperwer kömek, dostluk we hoşniýetlilik köprülerini gurmak işlerinde parlament we halk diplomatiýasyna, haýyr-sahawat gaznalarynyň hyzmatdaşlygyna, medeni alyş-çalyşlara, zenanlaryň, ýaşlaryň, ylym-bilim we sport wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidiginiň hem şaýady bolduk.

Mälim bolşy ýaly, Halkara Bitaraplyk gününiň we Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy, giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler.

Häzirki wagtda ýylyň dowamynda geçirilen halkara çäreleri, dekabr aýynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum giňden wagyz edilýär. Bu çäräni guramaçylykly geçirmek bilen baglylykda, baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen myhmana hormat goýlup aýdylýan «Gelen — döwlet» diýen paýhasly ýörelgämize eýerip, myhmanlary ýokary derejede garşy almak, halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň, habar beriş serişdeleriniň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegi babatda işler alnyp barylýar. Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri täsirli beýan etmek, şol bir wagtda söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk bolmagyna üns berilýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän giň mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezinde bolsa ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler üpjün edilýär. Şäherimiziň ähli myhmanhanalarynda, ilkinji nobatda, «Arkadag» myhmanhanasynda ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin bar bolan döwrebap mümkinçilikler has-da kämilleşdirilýär.

Bu toplumlaýyn çäreler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen bitaraplyk, parahatçylyk we halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir ýola subut eder, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky barada ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolar.

2025-11-1236