Hünär baýramynda
Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Mejlisler zalynda «Gurýan döwlet gurply döwletdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresini Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde guradylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gurluşyk we senagat işgärlerini hünär baýramlary bilen gutladylar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň aýdyň görkezijileriniň biri bolan, çawy dünýä ýaýran sebitde ilkinji «akylly» şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ymgyr yhlasdyr tagallalary bilen durmuşa geçirilendigini, şunda bolsa yhlasly telekeçileriň uly paýynyň bardygyny buýsanç bilen bellediler.