TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gülleýär, gül açýar geljegiň şäheri

Gülleýär, gül açýar geljegiň şäheri

Ýakynda Arkadag şäheriniň häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň ýolbaşçy düzümleri, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary şu ýylyň 22 — 26-njy oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelerine gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň bu gezekki iş sapary dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri ýola goýmak, şäheriň ulag üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem durnukly, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlara gyzyklanmalaryň artýandygy bilen baglydyr. Bular dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

* * *

Maslahatyň dowamynda «akylly» şäherde güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ýola goýlan çäreler, bagy-bossanlygy goramak we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, daşky gurşawa, howa ýaramaz täsirleriň öňüni almak, bu ugurda ýaşaýjylaryň we işgärleriň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek boýunça çykyşlara giň orun berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş üçin oňaýly, arassa gurşawy döretmek, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

2024-11-06110