
Parahatçylyk — türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda, şeýle hem Arkadag şäherinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler toplumy ýaýbaňlandyryldy. Meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Guramaçylyk döwlet topary döredildi. Eýýäm ýylyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işleri ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi. Şeýle hem şol gün binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny beripdi. Şanly ýylymyzyň taryhy günlerinde Milli Liderimiz şol işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Paýtagt şäherimiziň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklar nazaryýetinde bitaraplyk institutyna aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Hemişelik bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklary utgaşdyryjy, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edýän gural hökmünde dürli ynsanperwer ylymlaryň nukdaýnazaryndan öwrenilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary üns berilmäge mynasypdyr.
Geçen 30 ýylda türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň esasy ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 3-nji gezek biragyzdan kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Bitaraplygyň dünýä syýasaty üçin uly ähmiýetine we onuň häzirki zaman strategik kuwwatyna ýokary baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň ruhuna, milli däp-dessurlaryna siňen parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasynyň asyl many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky eşretli döwürde, ajaýyp döwletde ýaşaýar. Şeýle bolansoň her günümiz şatlyk-şagalaňa beslenýär, başdan geçirýän her pursadymyz toýly günleriň buşlukçysy bolup kalbymyza dolýar.Ynha, edil şu günler hem biz şeýle bagtly pursatlaryň şaýady. Çünki bagtyýarlyga beslenip, bagtly pursatlary buşlaýan her günümiz bizi nurana baýrama — dünýäniň Milletler Bileleşiginiň üç gezek ykrarnamasyna mynasyp bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Goý, şeýle bagtyýarlygyň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!







