Wi-Fi zolagy — durmuş döwrebaplygy
Öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.
Dünýä binagärliginde täze sahypany açan Arkadag şäherinde şähergurluşygynyň iň gowy däpleri dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi sanly we «akylly» tehnologiýalaryň şäheridigini aňladýar. Muňa mysal hökmünde «akylly» şäheriň edara binalarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda hem-de ähli bilim ojaklarynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini bellemek gerek. Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwrüne «Internet asyry», «Maglumat asyry» ýaly atlar berilmegi hakykatdan daş düşmeýär. Sebäbi biz gündelik durmuşymyzda häli-şindi sanly ulgam bilen ýüzleşip durýarys. Bu babatda ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar. «Akylly» şäherde sanly ulgamy şäheriň adyndan aýratynlykda göz öňüne getirip bilmeýäris. Çünki ornaşdyrylan mümkinçilikler şeýle diýmäge doly esas berýär.
«Akylly» şäheriň ilatynyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik ýerlerinde, ýagny Baş baýdak meýdançasynda, «Arkadag Binasynda», 10 000 orunlyk stadionda, «Gökdere» söwda we dynç alyş merkezinde Wi-Fi zolagy döredildi. Bu ýere gelýän raýatlaryň medeniýetli dynç almagy, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmagy üçin mümkinçilik bar. Wi-Fi ulgamy ýokary tizlikli baglanyşygy üpjün edip, ulanyjylaryň jemgyýetçilik ýerlerinde aragatnaşykdan we sanly hyzmatlardan päsgelçiliksiz peýdalanmagyny üpjün edýär. Bu jemgyýetiň ösüşine uly goşant goşýar. Diňe bir amatlylygy däl, eýsem, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna itergi berýär. Sanly tehnologiýalaryň üsti bilen her bir ynsan öz wagtyny tygşytlamagy hem-de uzak aralykdan ýerine ýetirmeli işlerini ýeňilleşdirýär. Ýeri gelende bellesek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ilatyň ylmyň gazananlary bilen aýakdaş gitmegine, döwrebap ýaşamagyna uly ýardam edýär.