TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan...

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz!

Siziň beýik başlangyçlaryňyzdan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän belent sepgitlerden ruhlanyp, bu gün Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, guwandyryjy ýeňişler gazanylýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda hem uly şatlyk-şowhuna beslenýär. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy hem munuň aýdyň güwäsi bolup, ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka öwrüldi.

Milli Liderimiz!

Siziň ynsanperwer ýörelgäňize eýerip, dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän döwrebap orta mekdebiň açylyş dabarasy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, biziň durmuşymyza ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gadam basan okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, mekdebe ýörite awtobusyň sowgat berilmegi bizde ýokary watançylyk duýgusyny döredip, ata Watanymyz Türkmenistana bolan buýsanjymyzy has-da belende göterdi.

Täjigistanda ýaşaýan türkmenler ata Watanymyzyň beýik Ogullarynyň — hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň, Milli Liderimiz, Siziň alyp barýan nusgalyk işleriňiz, dostlukly gatnaşyklary has-da jebisleşdirýän başlangyçlaryňyz, ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler. Şu ajaýyp pursatda Sizi we bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ata Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende göterilsin! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli işleriňiz hemişe rowaç bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

M.GAÝYPNAZAROW,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

2024-09-18385