
Döwrebap barlaghana
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda adamyň saglygyny goramak, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça işler amala aşyrylýar.
«Raýatlaryň Saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda antibakterial derman serişdeleri rejeli ulanmak boýunça giň gerimli meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bakteriologiýa barlaghanasy halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bu ýerde ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan ýokançlara gözegçilik etmek we antibiotiklere durnuklylygyň monitoringini berkitmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bakteriýalara garşy serişdeler uzak wagtlap we köp mukdarda peýdalanylmagy bedene zyýanly täsir edip, içegäniň mikroflorasynyň zeperlenmegine, peýdaly bakteriýalaryň azalmagyna, immun ulgamynyň peselmegine getirýär. Olaryň käbir görnüşleri beden öýjükleriniň diwarjyklaryny zeperlendirýär. Antibiotikleriň iň uly zyýany bolsa kesel dörediji bakteriýalaryň bu dermanlara durnukly görnüşiniň döremegine sebäp bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdylanda, mikroblara garşy bejergide dermanlara durnuklylyk döreýär.
Derman serişdelerine duýgurlygy we durnuklylygy kesgitlemek üçin biziň bakteriologiýa barlaghanamyzyň hünärmenleri tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem zerur bolan serişdeleriň, reaktiwleriň üpjünçiligi yzygiderli kämilleşdirilip durulýar. Geçirilýän bakteriologik barlaglar bakteriýalaryň ýüze çykarylmagyny hem-de olaryň antibiotiki derman serişdelerine duýgurlygyny anyklamaga kömek edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna 2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda hil ulgamyna laýyklyk güwänamasy berildi. Bu bolsa TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.







