TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Döredijilik — döwletlilik

Döredijilik — döwletlilik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň, Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Alym Arkadagymyz häzirki döwrüň ylmyň zamanasydygyny belläp, ähli ugurlar boýunça ylmy ösdürmek, elektron söwdanyň işini kämilleşdirmek, intellektual eýeçiligi özleşdirmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýola goýmak işine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän işleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygy barada aýtdy. Şeýle-de alym Arkadagymyz intellektual eýeçilik boýunça kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Milli Liderimiz kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar berdi. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlaryň beýan edilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz biziň her birimiziň baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydygymyzy aýratyn nygtady. Çünki biz beýik döwletdiris. Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz häzir elinde täze ýazan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji nusgasyny saklaýandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýdyp, sözüni jemledi.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Milli Liderimizi döreden täze eseri bilen gutladylar we ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem olar alym Arkadagymyzyň zehininden döreýän eserleriň diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýändigini aýratyn nygtadylar.

2024-11-27163