Topraga togap — sogap
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär.
Şol jähetden hem Arkadag şäherimizde bu günki gün daşky gurşawy goramak ýaly asylly işler giň gerimde alnyp barylýar. Tebigaty, Watany söýmek, öz ýaşaýan ýeriňe hormat goýmak, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly göz bilen garamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Şondan ugur alnyp Arkadag şäherimizde hem güýzki bag ekmek möwsüminde ýaş nahallaryň müňlerçesi oturdyldy, öňki bar bolan baglara ideg etmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ekologiýa terbiýesi barada «Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri» diýip belleýär. Şol babatda halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýakynda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ajaýyp şäherimizide 5000 sany bag nahallary oturdyldy. Ozal oturdylan nahallara ideg işleri geçirildi. Bu işlere ýaşlaryň gatnaşmagy, ösüp gelýän ýaş nesillerde daşky gurşawy goramak endiklerini berkitmäge hem uly ýardam berýär. Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa we «ýaşyl» şäher bolmak bilen, dünýä ýüzünde ykrar edilýär. Biz muny abraýly halkara guramalar tarapyndan gowşurylan degişli güwänamalaryň mysalynda hem görýäris. Dag eteginiň arassa howasy, şäheriň seýilgähleri we köpdürli baglary bu ajaýyp şähere gelen adamlarda, daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Bu toprak ozaldan hem bagy-bossanlygyň mekany hasaplanylýar. Täze döwürde bolsa her bir çözgütler «ýaşyl» şäher derejesine laýyklykda amala aşyrylýar. Oturdylýan bag nahallary hem diňe bir ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, şäheriň owadan görküne has-da görk goşýar. Şunda şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň, talyplaryň agzybirlikde bag ekmek ýaly sogaply işlere işjeň gatnaşmaklary buýsandyryjydyr.