TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Keşdeçilikde baş baýrak

Keşdeçilikde baş baýrak

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada ýurdumyzyň milli toparynyň Sekreteriatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik el işleriniň dürli görnüşlerini döretmekde we kämilleşdirmekde öz ussatlygyny görkezýän keşdeçi zenanlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, bu kesbi has-da dabaralandyrmak, geljekki nesillerimize nusgalyk miras galdyrmak, ýaş nesillerde sungata bolan höwesi artdyrmak hem-de ony giňden wagyz etmek maksady bilen yglan edildi.

Arkadag şäherinden gatnaşýan 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Bibimerýem Çaryýewa bilen Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Aýbölek Ataýewa bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp boldular we Hormat haty bilen sylaglandylar.

2025-11-1914