
Arkadagyň «Galkynyşly» toýlary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bedew bady bilen rowaçlanmasy
Arkadag şäherinde dabarasy dag aşan, bu tutumly toý «Arkadag» gazetiniň döredijilik topary üçin taryhy wakalara ulaşyp-utgaşyp geldi. Gazetimiziň milletiň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň howandarlygynda çap edilip başlanmagy tükeniksiz buýsanç bagyşlady. Gazetimiziň baýramçylyk sany aýratyn baýrama öwrüldi. Redaksiýa üçin taryhy sene boldy. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gazetde zähmet çekýän işgärleriň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri tükeniksizdir. Howandarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ilimiz-günümiz, ýurdumyz üçin alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
1-nji fewralyň säheri. Howa-da ýazyň bir güni ýaly. Çäräniň esasy geçýän ýeri hökmünde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelen myhman-mähelläniň ellerinde Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ilkinji gezek çap bolan «Arkadag» gazeti. Onuň 12 sahypasy 12 aýa — tutuş ýylymyza şan beren «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňşi mynasybetli neşir edildi. Täze dogan Aý ýaly ýalpyldap öwşün atýar. Gazetiň uly ölçegde çap bolmagy, sahypalarynyň adatdakylardan köp bolup çykmagy «Galkynyşyň», ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň rowaçdygyny mälim etdi. Toparyň taryha baýdygyny görkezdi.
Birinji aýda birinjilik! Ýylymyz ýeňiş bilen başlandy. Asyryň çärýek ýaşynda — 2025-nji ýylda 25 döwletiň gatnaşmagynda Monakoda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi türkmen sirk sungatynyň taryhynda asyryň üstünligi boldy. Toparyň dünýäniň iň naýbaşy sirk festiwalynda iň ýokary ýeňşe mynasyp bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yhlas-tagallalary netijesinde Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly ösüşe eýe bolýandygyny ýene bir gezek äleme aýan etdi.
At — myrat. Yhlasa — myrat. Maksada — myrat!

«Galkynyşyň» bu festiwala gatnaşmagy, onda ýeňiş gazanmagy üçin toparyň agzalary kän türgenleşdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza ilkinji gezek döwlet Baştutany wezipesine girişen ýylynda «Galkynyş» toparyny döretmegi, ynha, indi, görşüňiz ýaly, Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň sirk sungatyndaky naýbaşy baýragyny gazanmagyna getirdi. Şunlukda, «Galkynyş» gysga döwür içinde öz ýeňişleri bilen ulus-ilimizi galkyndyryp, alys-u-ýakyn illeri haýrana goýup gelýär.
«Galkynyşyň» 6-njy ýeňşi. Hut 6-njy ýeňişde 6 sany baýrak. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň jümle-jahana döwrüň beýik hakykaty, gudraty bolup dolmasy. Bedew aty özüne syrdaş saýan hem ony hemra edinen Milli Liderimiz milli buýsanjymyzy döwletimize rowaçlyk getirmesinde, döwrümize bat bermesinde görýär. «Toý gününde bedew atlar çapylar...» diýýän halkymyzyň milli galkynyşynda görýär. Milli gymmatlyklarymyza buýsanyp, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa göterýär.
Türkmen toýunyň bezegi — bedew. Ýöne bu toýuň bedewler bilen hiç bir halkyň gaýtalap bilmejek beýik sazlaşygyny guraýan, mähelle-märekäni özüne kökerýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlanmagy has-da ajap boldy. Arkadag şäherine gelen myhmanlary täsin tomaşasy bilen daşyna jemleýän bu topar meşhur Akhanyň adyny göterýän şaýoldur binadan başlap, tä Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine çenli şowhun-şüweleň bilen, toý kerwenini gurap geldiler. Jigitleriň elleri baýrakly, baýdakly, başlary buýsançly. Olaryň bezemen ýoly ýöriş bilen geçmegi «Galkynyşyň» ýeňişli ýollaryny dabaralandyrdy. Altyn baýragy göterip gelýän Serdar Pygyýewiň atlanan gyr aty sazy eşiden badyna tansa goşuldy. Ynha, «Galkynyşyň» ýüzugra görkezen täsinligi. Onsoň neneň bedewe adam ýaly diýmejek?! Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly eserinde bu behişdi gudratyň hormaty ussat seýis Aba Annaýewiň aýdanlarynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Romanda: «Aba: «Bedewe «haýwan», «mal» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi». Magtymguly Pyragynyň hem «Bedew atlar adam ýaly syzýan» diýen sözleri dünýäniň akyldarynyň behişdi bedewlerimize beren belent bahasydyr.
...Türkmeniň toýy — milliligiň maýasy. Aba Annaýew köçesindäki köşk ýaly binanyň öňünde saklanan jigitlerimiz däp-dessura eýerilip garşylandy. Beýik üstünlik gazanyp, türkmen tuguny belentde parladyp, Monako Knýazlygyndan gelen ýaşlarymyzy enelerimizdir atalarymyz guwana-guwana garşy aldylar.
Şanly wakanyň şanyna depleriň gümmürdisi türkmeniň toýunyň tutumlydygynyň ýaňy bolup, Märkaw dagyndan uzaklara ýaň saldy.
* * *
Dabara dabaralar bilen dowam etdi. Sirkiň 1500 tomaşaçyly zalynda döwlet derejesinde ýeňiş toýlanýardy. Jigitler öz manežinde has-da buýsanjaň görünýär. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagynyň ýetirilmegi, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly bu topara Gutlag bilen ýüzlenmegi jigitlerimizi ýeneki ýeňişlere galkyndyrdy. Taýsyz üstünlik bilen taryha giren topara Milli Liderimiziň adyndan 17 müň ýewro, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgatlarynyň gowşurylmagy ýeňijileriň başlaryny gök diretdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Galkynyşyň» seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy ýurdumyzda ýaşlaryň üstünliklerine ýokary derejede sarpa goýulýandygyny alamatlandyrdy. Ýaş ussatlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan hem sylaglanyldy. Zalda «Gutly bolsun, «Galkynyş!» diýip, gutlag sözleri aýdyldy.
Sirk tomaşasy hemişe hezillik. Şadyýan-şowhunly çykyşlar. Täsin-täsirli pursatlar. Dabaraly sazlaryň astynda at üstündäki oýunlar. Haçan-da, Arkadag şäherine daşary ýurtlardan myhman gelende hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «Galkynyşyň» çykyşyna tomaşa edýärler. «Galkynyş» edil ady ýaly tomaşaçylara galkynyş paýlaýar. Dünýäniň meşhur artistleri hem atlarymyzy, jigitlerimiziň at üstündäki oýunlaryny synlap, «Aperin!» diýip baş egýärler. Ahalteke bedewleriniň türkmeniň uçar ganatydygyna göz ýetirýärler. Bu dabarada, hususan-da, Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda sirk sungatynyň naýbaşy Altyn baýragyny we beýleki ýörite baýraklaryny eýelän meşhur toparyň çykyşyna tomaşa etmek has-da tolgundyryjy.
* * *
Toýuň täsiri tutumynda. Türkmeniň toýy uludan. «Galkynyş» Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly şatlygy döreden bolsa, bu çäräniň diňe özi hem şol pursatdaky ýaly janköýerlere aýratyn waka bagyşlady. Arkadagyň «Galkynyşly» toýy gül göwünleri galkyndyrdy! Toý tamamlansa-da, onuň täsiri tutuş ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, hemişe ýatda galar.
* * *
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÝOLY — ÝEŇIŞLERIŇ ÝOLY!
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belent arzuw-maksatly sözi — milletimiziň şygary: «BEDEW BADY BILEN, ÖŇE, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!». Goý, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz hemişe ýeňişler ýurdy bolsun! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanylan ýeňiş ýeneki ýeňişlere, mertebeli menzillere atarsyn! Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şöhratly ýoly dowamat-dowam bolsun!
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag».