
Gahryman Arkadagymyzyň öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur
6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wajyp başlangyçlar
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi» diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Ykjam taýýarlyk görülýär
Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. «Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir» diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi. Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini, teatr çykyşlaryny ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini taýýarlamak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesi berk gözegçilikde saklanmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabat şäherinde bezeg hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Taryhy sene
Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynda ýerleşdirilen gymmatlyklaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň şanyna geçiriljek dabaraly çärelerde we olaryň bezeglerinde, sowgatlyk önümlerde giňden beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly ädim boljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.
Çäreleriň ýokary guramaçylygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde internet, aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini nygtamaly. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Arkadag» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.







