
MERKEZI AZIÝA — ABŞ: köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ak tama geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiz Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. «Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşygynda Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy. «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede guralan işewürlik maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýum ýaly strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi.







