TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunba...

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Dubaý, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we ÝUNEP-niň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Dünýä bileleşigi bu meselelere uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe täsir edýän möhüm şert hökmünde görýär. Ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygyny işjeň goldap, ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Nygtalyşy ýaly, ekologik meseleleriň çözülmeginde ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň birleşdirilmeginiň, döwletleriň her biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hem-de hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň bu ugurda bilelikde işlemek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şu günki maslahatda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary kabul etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň guramada başlyklyk eden döwründe Aral ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul etdi.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

2023-12-03125