TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Milli ýygynda «Arkadag» toparyndan 9 futbolçy çagyryldy

Milli ýygynda «Arkadag» toparyndan 9 futbolçy çagyryldy

Şu ýylyň baharynda döredilip, Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda örän üstünlikli çykyş edip gelýän «Arkadag» futbol toparynyň 9 futbolçysy ýurdumyzyň milli ýygyndysyna çagyryldy.
Baş tälimçi Mergen Orazow 23 futbolçydan ybarat milli ýygynda «Arkadag» toparyndan derwezeçi Resul Çaryýewi, goragçylar Güýçmyrat Annagulyýewi, Mekan Saparowy, Abdy Bäşimowy, Ybraýym Mämmedowy, ýarym goragçylar Welmyrat Ballakowy, Begmyrat Baýowy we hüjümçi Şanazar Tirkişowy çagyrdy.
Ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysy sentýabr aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi 8-nji sentýabrda Indoneziýanyň, ikinjisi bolsa 12-nji sentýabrda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçiriler. Birinji duşuşygyň Indoneziýanyň Surabaýa, ikinjisiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljekdigini habar berýäris.

2023-09-07446