TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Zemine zynat, ýaşaýşa ýaraşyk

Zemine zynat, ýaşaýşa ýaraşyk

Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli agaç nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär, öňden bar bolan daragtlara ideg işleri alnyp barylýar. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, jana şypaly arassa howasy bilen halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar.

Golaýda — 8-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümi ýokary derejede geçirildi. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy bolsa ildeşlerimizi buýsandyryp, adaty günlerini taryhy pursatlara öwürdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy ildeşlerimize ýagşy görelde boldy. Köpçülikleýin bag ekmek çäresi bu gezek hem «akylly» şäheriň ekologiýa abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant bolar.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşyl zolaklary we köp sanly bag nahallaryny oturtmaklyk we yzygiderli köpeltmek, arassa howa gurşawyny döretmek bilen bagly dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bu işleri yzygiderli dowam etmek we ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen bagly işler hem ýokary derejede alnyp barylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, şol nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki daşky gurşawy goramak ählumumy meseledir. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurt, her bir raýat öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamalydyr, goramalydyr. Şonuň üçin-de Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýaşaýjylary, talyplarydyr okuwçylar, hatda çagalar bakja-baglaryndaky körpelere çenli bu ählihalk bag ekmek dabarasyna uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Şol gün şäheriň çäginde 5000 düýp täze nahal oturdylyp, öň bar bolanlaryna göwnejaý ideg işleri geçirildi.

Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

2025-11-1230