Halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri döretmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen döwletimiz dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolmak bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirip, Watanymyzyň Bitaraplygynyň, mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny barha pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýär.
Mejlisiň dowamynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkymyzyň gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigi nygtaldy. Şunda ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesi, milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek bilen bagly ýörelgeleri barha giň gerim alýar. Ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy. Şunda ilat arasynda döwletimiziň durmuşynda wajyp orun eýeleýän bu umumymilli forumyň ähmiýetini düşündirmegiň zerurdygy bellenildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň möhletleri kesgitlenildi. Şunda guramaçylyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň gün tertibini we onuň mejlisini geçirmegiň deslapky maksatnamasynyň, gün tertibinde kesgitlenen meseleler boýunça resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagynyň möhletleri anyklanyldy. Ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak meselelerine-de garaldy. Şonuň bilen birlikde, bu möhüm çärä taýýarlyk görülýän döwürde Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Şunda welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerinde iş toparlaryny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere jogapkär adamlaryň, mejlise gatnaşyjylaryň sanawyny taýýarlamagyň wajypdygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy batly depginde ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda meýilleşdirilen işleriň taryhy ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi Halk Maslahatynyň resminamalaýyn-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik we guramaçylyk meseleleriniň oňyn çözülmeginde ähmiýetlidir. Bularyň ählisi Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän möhüm wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze şäherleri we obalary gurmak işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Şoňa görä, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.