TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde halkara guramalaryň we daşary ýurt döwletleriniň wekilleri bilen duşuşdy.

Durnukly ösüşde möhüm orun

13-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň çagalaryň saglygyny goramaga we olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we gurama bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli esasy ulgamlaryny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde goldaw tapýar. Bu babatda alnyp barylýan işler media giňişliginde hem giňden beýan edilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi nygtaldy. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi. Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.

Ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen hem duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly hormata mynasypdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da, howandarlyga we lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ileri tutýan ugry bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan asylly işi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň güwäsidir.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny, ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak syýasatyny alyp barýandyklaryny belledi. Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda çagalara hödürlenilýän hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini aýtdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ünsi çekdi.

Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň we Pakistanyň durnukly geljegini gurmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gaznanyň işine ÝUNISEF tarapyndan minnetdarlyk

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Arkadag şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen geçiren duşuşygynda ÝUNISEF-niň wekili gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşmagyň we çagalaryň saglygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işi üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Oguljahan Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, ÝUNISEF-niň haýyr-sahawat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu düzüm Türkmenistan bilen birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda inklýuziw bilim konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, hususan-da, bejergi işlerine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen maksatnamalary işläp taýýarlamak, howandarlyga mätäç çagalar bilen işleýän lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Hanym Jalpa Ratna ÝUNISEF-niň hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki tagallalarynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň bu ugurda toplan halkara tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

2025-11-1940