TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen Bitaraplygynyň binasy

Türkmen Bitaraplygynyň binasy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmegine 30 ýyl dolýar. Aşgabatda bu belent derejäni alamatlandyrýan Bitaraplyk binasy türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjülik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň binagärlik nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, şanly ýylymyzyň taryhy günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler, şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilen şekil taslamalaryny synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, özüniň degerli maslahatlaryny beripdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygyndan gelip çykýan bähbitli hyzmatdaşlyk, hoşniýetlilik, ynanyşmak, abadançylyk, asudalyk, bagtyýarlyk ýörelgeleriniň yzygiderli dabaralanýandygyny aňladýar.

2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gol çekmegi bilen, Bitaraplyk binasynyň demontaž işlerine badalga berilýär. 2011-nji ýylda Bitaraplyk binasy ilkibaşdaky durkunda Köpetdagyň owadan tebigaty bilen sazlaşdyrylyp, Aşgabadyň günortasyna geçirildi. Binanyň heýkel relýefleri bilen örtülen bezeglerini heýkeltaraşlar J.Jumadurdy, G.Ýarmämmedow, Ş.Ýarmämmedow, B.Annamyradow, Ý.Madatow, S.Babaýew dagy ýerine ýetirdiler. Binanyň umumy belentligi 95 metr bolup, onuň 21,5 metrliginde — binanyň şähere syn edilýän birinji meýdançasynda dynç almak üçin restoran ýerleşdirilipdir. Onuň 26 metr belentligindäki şähere syn edilýän meýdançasynda binanyň gurluşygynyň alnyp barlyşynyň ilkinji ädimlerini görkezýän suratlar sergisi ýerleşdirilen. Bu sergi içki lift bilen onuň daşyny gaplaýan aýna sütüniň arasynda ýerleşýär. Sergini synlap görenlerinden soň, adamlar şol ýerden balkona çykyp, şähere syn edýärler. Binanyň 49,5 metr belentliginde hem edil şular ýaly synlaýyş meýdançasy ýerleşýär we oňa-da içki lift arkaly barylýar. Ikinji synlaýyş meýdançasyndan üçünjä barylýan aralykda ýüzüne bäş sany haly gölüniň şekili ýerleşdirilen bäş setir bürünç halka desganyň üç gapyrgasyna berkidilýär.

Bitaraplygyň nyşany bolan bu binany türkmeniň taryhy bilen baglanşykly heýkel eserleri bezäp, many-mazmunly monumentallygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Binanyň tagan şekilli üç sütüniniň her biriniň iki tarapynda hem-de birinji synlaýyş meýdançanyň esasynyň daşky halkasynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna, däp-dessurlaryna we şu günki gününe bagyşlanan relýef eserlerinde ilkidurmuş döwürlerinden başlap, Garaşsyzlygymyza eýe bolan ajaýyp zamanamyza çenli türkmen halkynyň taryhy döwürlerindäki ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapýar. Şol wakalar taryhyň döwürleri yzygiderlilikde beýan edilýär. Bitaraplyk Binasynyň kuwwatly üç sany sütüniniň ýokarsynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolan milli haly göllerimiziň şekillerini özünde jemleýän altynsow bezeg halkalary aýlanýar.

Gözel paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky Bitaraplyk meýdançasynda şäherimiziň görküne görk goşup, ýakyn günlerde alyslardan lowurdap görünjek Bitaraplyk binasy — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, goňşularyň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesi bolar.

Goý, türkmen Bitaraplygy halkara giňişliginde dünýä nusgalyk syýasatyň rowaçlanmagyna itergi berip, zeminiň geljeginde asuda, parahat we dostlukly ösüşiň binýadyna öwrülsin!

2025-11-1937