
At bilen alys bilinmez
Türkmen halky dünýä medeniýetinde we taryhynda özüniň kämil derejedäki gymmatlyklary bilen öçmejek yz galdyrdy. Şolaryň biri-de köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak gözelligi, ýyndamlygy we aýratyn syzgyrlygy bilen umumadamzat hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleridir. Behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara aýratyn bezeg berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen marafon bäsleşigi hem onuň subutnamasydyr.
Bedewleriň gözelligi, çeýeligi hem-de çydamlylygy tomaşaçylarda hemişe ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Çapyksuwarly atlar ýola çykanda tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, ruhy lezzet eçilýär. Öňňin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ― Aşgabat — Mary awtoýolunyň 19-njy kilometrinde başlanan atly ýörişde ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, çeýeligi hem-de çydamlylygy ýene bir ýola ýüze çykdy. Ýörişe ussat seýisler, çapyksuwarlar, atçylyk pudagynyň hünärmenleri, mugallymlar, şeýle hem bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdy. Ýoluň kesgitlenen böleginde 60 kilometr menzili geçmek ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň atlary jemlendi. Ýüwrük bedewlere erk edip, uzak aralygy geçmegi maksat edinen çapyksuwarlar ezberligini görkezdiler.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, ýaryşa goşulan bedewlere 30 kilometrlik menzili geçenlerinden soňra ýörite hünärmenler, weterinar lukmanlar tarapyndan gözegçilik edildi. Ondan soňra hiç hili şikes almadyk bedewler ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşdyrylan 15 bedewiň içinden iň ýyndamyny we çydamlysyny geçilen ýol äşgär etdi.
«At ýigidiň ganatydyr» diýlişi ýaly, bedewlere atlanan ussat türgenler ýeňşe barýan ýolda birjik-de säginmediler. Olar aralygyň uzaklygyna garamazdan, bedewlerine ussatlarça erk etmäge we ýeňşe ymtyldylar. Şoňa görä-de, ýörişiň dowamynda bedew bilen ynsanyň sazlaşykly hereketi tebigy ajaýyplygy görkezdi. Bedewler tebigatyň iň bir owadan ýerlerinden 60 kilometr ýoly külterlediler. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan marafon bäsleşiginiň netijeleri boýunça Milli atly sport merkezine degişli, türgen Seýidymam Seýidowyň erk eden Polat atly gara reňkli at pellehana ilkinji bolup geldi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bu gezekki marafon bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.