TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Mejlisiň deputatlary üçin täze jaý açyldy

Mejlisiň deputatlary üçin täze jaý açyldy

Şu gün, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, toýlaryň toýlara ulaşýan gününde halkymyz üçin ýene bir şatlykly waka boldy. Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurlan 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. 
Bu taryhy toýa Gahryman Arkadagymyz gatnaşyp, gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de täze jaýyň toý bagyny kesip, ony dabaraly ýagdaýda açyp berdi. 
Milli Liderimiz täze jaýdan paýly bolan bagtly ildeşlerimizi gutlady. Şeýle-de dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.  

2023-05-18283