TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk: täze gözýetimler, täze sepgitler

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk: täze gözýetimler, täze sepgitler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara derejede jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolup, görnükli halkara guramalary, öňdebaryjy, abraýly daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary depginli ösýän Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi hem-de halkara derejede ykrar edilmegi ata Watanymyzyň dürli ugurlar boýunça ägirt uly kuwwatlyklarynyň bardygyny görkezýär. Bu ugurda eziz Diýarymyzy ähli görkezijiler babatda bütin dünýäde öňe çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalary çäksizdir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşypdy.

Şol duşuşykda işewür Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ilkinji nobatda, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny, şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de «Buig» kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

2025-02-05272