TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbangul...

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärleriniň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan howandarymyz Gahryman Arkadagymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň nurana geljegine gönükdirilen tutumly işleriňizi wasp etmek, dünýä ýaýmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin belent mertebedir. Biz «Arkadag» gazetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadag şäheriniň durmuşyny, onuň gazanýan üstünliklerini wasp edýän gazetimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýlarynda, Milli Liderimiz, Siziň howandarlygyňyzda neşir edilip başlanmagy bilen Size tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy, alkyşlarymyzy aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň eşretli durmuşy ugrunda alyp barýan ägirt uly işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýäris.

Sarpasy belent türkmen halkynyň Milli Lideri!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde yhlasly, halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine öz saldamly goşandyňy goşmak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy goldaýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň nurana geljegi ugrunda saýlanyp alnan ösüş ýolunda tutanýerlilik, wepadarlyk bilen zähmet çekmek belent borç we uly bagtdyr. Hut şeýle watançylyk duýgularyna ýugrulan işler her bir ynsana rowaçlyk getirmek bilen, bu ýol-ýörelge döwletimiz tarapyndan hemişe goldanylýar. Bu häzirki wagtda buýsançly ýola düşen milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde, döredijilik dünýäsinde hem açyk-aýdyň duýulýar. Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji fewralynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» gazeti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Siziň howandarlygyňyzda çap edildi. Munuň özi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde, mähriban halkymyzda, Arkadag şäheriniň agzybir ýaşaýjylarynda hem-de «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerinde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Baýramçylyk sanynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýän gününe gabat gelmegi tutumly toýlar bilen utgaşyp, aýratyn buýsandyryjy waka boldy.

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz!

Siziň ýolbaşçylygyňyzda 2007-nji ýylda döredilen dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli Arkadag şäherinde guralan dabara ata Watanymyzyň halkara derejedäki at-abraýyny, milli sirk sungatynyň şöhratyny, behişdi ahalteke bedewlerimiziň gymmatyny has-da dabaralandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz, Siziň howandarlygyňyzda şol taryhy günde çap edilen «Arkadag» gazetiniň sahypalarynda bu meşhur toparyň dürli ýyllarda gazanan üstünlikleri, ýeňişli ýollary, ahalteke bedewleriniň şöhraty, täsin gözelligi we taryhy ähmiýeti çeper beýan edildi. Siziň halkymyzyň milli buýsanjy bolan ynsan deý syzgyr bedewlerimiz barada edýän çäksiz tagallalaryňyz, döwletli başlangyçlaryňyz, giň gerimli işleriňiz, gymmatly eserleriňiz neşiriň has hem çuň mazmunly bolmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

«Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärleri, Gahryman Arkadagymyz, Siziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän uly ynamyny ödemek maksady bilen, redaksiýa gelýän her bir makalanyň, eseriň we beýleki döredijilik işleriniň many-mazmun, beýan edijilik babatda ýokary hilli bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gazananlaryny, täsin binagärlik-gurluşyk keşbini, döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini, bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli asylly işleri, döredilen mümkinçilikleri we şertleri gazet sahypalarynda wasp etmek biziň üçin uly buýsançdyr, belent mertebedir.

Howandarymyz Gahryman Arkadagymyz!

«Arkadag» gazetiniň Siziň howandarlygyňyzda neşir edilip başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy, alkyşlarymyzy aýdýarys. «Bedew bady bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen beýik taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyz, Siziň saýlap alan rowaçlyklaryň, beýik ýeňişleriň ýolunda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärleri.

2025-02-05215