Tbiliside kino günlerimiz
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň şol ýerdäki ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda türkmen kinolarynyň güni geçirildi.
Onda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Dabara režissýor Maksat Gylyjowyň «Kompozitor» atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Film çärä gatnaşan köp sanly tomaşaçylaryň oňyn pikirlerine eýe boldy. Ýeri gelende ýatlasak, film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde düşürildi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary netijesinde döredilen film halkara ykrarnama eýe bolup, türkmen kino sungatynyň ösüşli menzillerdedigini görkezýär. Bu çäre türkmen-gruzin medeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny tassyklady.
Häzirki wagtda kino sungaty jemgyýetiň durmuşynda uly orna eýe. Sazyň üsti bilen pikir ýordumyny ýetirýän «Kompozitor» filmi bolsa, inçe duýgulary gozgaýanlygy bilen tapawutlanýar.