TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Umumadamzat gymmatlygymyz

Umumadamzat gymmatlygymyz

Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat onuň milli medeniýetidir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk bolsa milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, mirasyň müdimi dowamlylygyny üpjün edýär.

Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran halkymyzyň özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklary bar. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny agzamak bolar. Ata-babalarymyzyň gadymy mukaddes topragymyzda ençeme döwürleriň dowamynda kemala getiren, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy möhüm orna eýedir.

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesinde umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr» diýmek bilen, ahalteke bedewiniň biziň milli mirasymyzyň naýbaşylarynyň biridigi hem-de diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde belent sarpa mynasyp bolýandygyny nygtaýar.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy, köňülleriň we döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragy bedew atlary şeýle wasp edýär:

 

Bedew diýgeç hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.

* * *
Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda.

Milli mirasymyzyň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

2024-11-06289