TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen M...

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden ÇYKYŞY

(Nýu-Ýork şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry)
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlaýaryn we netijeli işlemegi arzuw edýärin. Şeýle hem ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw, ýardam beriji sözlerimi beýan edýärin.
Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.
Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary esasynda olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz. Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz.
Men Birleşen Milletler Guramasynyň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr.
Şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys. Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär. Biziň pikirimizçe, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.
Şeýle hem biz strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da:
— gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny;
— jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy;
— Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris. Wagt häzirki pursatda bu Kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady.
Ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys. «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynanýaryn. Türkmenistan oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Biz birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris.
Biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtmalydyryn. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Şol bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys. Elbetde, bu işde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanda ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminamany ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna ibereris.
Umuman, Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda, düýpli ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin.
Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýardyrys.
Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälimdir. Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlanyldy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendir. Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutýan ugurlaryny belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy netijeli bolar, umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.
Ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belleýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň!
Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirýäris.
Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan şu sessiýanyň çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris.
Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir. Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaýlar bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr.
Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygymyzy mälim edýäris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler.
Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:
Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!

2023-09-21522